“Petronas” kompaniýasyndan boş iş orunlary: buhgalter we lukman Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (kreditorlyk we debitorlyk bergisi boýunça). Bildirilyän talaplar: dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler: Bilimi: buhgalter hasaby we maliýe boýunça şahadatnamasy ýa-da deň derejeli resminamasy bolmaly. Iş tejribesi: 2 ýyldan 5 ýyla çenli degişli pudakda iş tejribesi bolmaly. Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli. Endikleri we başarnyklary: «SAP» we «MS Office» programmalarynda işläp bilmeli. Gyýanly obasynda işlemek üçin lukman. Bildirilýän talaplar: dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler: Bilimi: lukmançylyk bilimi hakynda diplomy we kliniki ordinaturada (möhleti 2 ýyl) taýýarlygy ýa-da hünär kämilleşdiriş okuwyny — internaturada (möhleti 1 ýyl) geçenligi barada şahadatnamasy bolmaly. Iş tejribesi: rezýüme tabşyrylanda, dalaşgäriň kliniki ordinaturany we internaturany hasaba almazdan, soňky 5 ýylyň dowamynda yzygiderli umumy reanimasiýa boýunça tejribesi bolmaly. Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli. Endikleri we başarnyklary: degişli ugur boýunça hünär taýýarlygy bolmaly hem-de «MS Office» programmasy bilen işlemegi başarmaly. Sowalnamalary https://shorturl.at/epCP2 elektron salgysy boýunça ýa-da «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz. Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da
[email protected] еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner. Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.
#atawatanymturkmenistan #turkmenistan🇹🇲
#lebap🧿mary🧿daşoguz🧿balkan🧿ahal
#drdowranorazgylyjow #turkmenistan #saylananhabarlar #halkaydym