Kyra

karkara hashtag performance

Loading...
Ÿakymly Ÿatlamalar : Akgùl Saparowa Bu ýazgyny Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewanyň 2001-nji ýylda şahyr Bahargül Kerimowa ýazan hatyndan göçürip aldym.  dolulygyna https://www.atavatan-turkmenistan.com/yelizaweta-garayewa-kino-sungatymyzyn-karkarasy/ .. Bir gün Bahargül öýümize gelende onuň bilen içgin syr alşyp oturdyk. Men oňa: «Bahargül adamyňy berkiräk saklaweri» diýdim. Ol meniň näme diýjek bolýanyma birbada düşünmän, gözlerini tegeläp ýüzüme seretdi. Onsoň oňa Bahargül, men iki gezek durmuşa çykdym. Maşgala boljak bolup adamyma hyzmatymy gaýgyrmadym. Şonda-da özge zenanlar ärimi elimden aldylar. Şeýdip ýene men ýeke galmaly boldum, diýip aglanymy-da duýmandyryn. Şonda ol: «Liza jan, goý aglama! Seniň ýoldaşyňa wepaly bolup hyzmat edeniň peýdasy ýokdur. Yhlasyňa biparh garaýan biwepa duşsa alajyň bolmaz. Bu zatlar ykbaldyr. Janyň saglygyny dile» diýip meni köşeşdirdi. Onuň dünýäňe inçelik bilen düşünýän dözmez ýüregi bar. Men ony iň soňky gezek paýtagtymyzdaky häzirki Baş akademiki drama teatrynyň zalynda görüpdim. Barmaklarynyň ählisi diýen ýaly altyn ýüzükli, boýny altyn monjukly, egni mele reňkli lama paltoly oturgyçda otyr eken. Elimi uzadyp salamlaşsam, gujaklap ogşady. Sesi welin pyşyrdy bilen des-deň zordan çykýardy. Ol: «Operasiýadan soň sesimi ýitirdim. Sungat adamsy üçin sesiň kesilmeginden agyr jeza ýok eken» diýdi. Şeýle beýik artisti haly harap ýagdaýda görenime gaty gynandym. Şondan kän wagt geçen däldir. Bir gün gije ýatyrkam ol düýşüme giripdir. Türkmenistanyň halk artisti Oguljeren Işangulyýewa Ýelizaweta Garaýewanyň gapdalyndan söýget berip akyp ýatan uly ýabyň üstündäki köprüden geçirjek bolup dur. Jeren eje daýaw zenan bolsa-da, bir özi ony ýapdan geçirmäge güýji ýetenok. Ol: «Senem kömek edäý-dä! Bir özüme kyn bolýa» diýip menden kömek soraýar. Gözüm ýalpa açyldy. Oýanyp birhili biynjalyk boldum. Gören düýşümi kärdeşlerime gürrüň berdim. «Eşitmediňmi?Ýelizaweta Garaýewa dünýeden gaýtdy ahyry, pahyr. Eýýäm ýedisi geçdi» diýdiler. Onsoň «Yzy ýarasyn» diýeýin, diýip öýüne jaň etdim. Jaňy zenan maşgala aldy. «Men Ýelizaweta Garaýewanyň jigisi Ejegül. Liza bütin ömrüni sungata bagyş etdi. «Türkmeniň meşhur artisti» diýip tanaldy, emma görgüli ogly-gyzy bolman perzentsiz ötdi. Biz oňa hemişe gerek ýerinde hossarlyk kömegini bererdik, ýöne bakyýete göç edende onuň yzynda işigini açyp, aýat-töwir etjek dowamaty bolmasa kyn eken. Doganjygymyň işigi ýapyljak-da» diýip hamsykdy. Dogrudanam şindi görseň kimdir biri perzentsiz dünýäden ötse: «Wah, ojagynyň ody öçüp, işigi ýapylaýdy-da» diýlen pursatlara özümem kän gabat geldim. Ýöne ol sözleri milli sungatymyzyň taryhyna giren Ýelizaweta Garaýewa hakynda aýdyp bolmaz. Sebäbi şeýle şahsyýetiň hiç wagtam işigi ýapylmaz diýip pikir edýän. Belki, öý muzeýi bolar, belki-de onuň öýüni hossarlyk eden ýakynlaryna berip, mahal-mahal goňşy-golamlary, deň-duşlary aýat-töwir edip işiginden girerler. Ýelizaweta Garaýewany ýagşylykda ýatlap onuň ruhuny şat ederler» diýip «Unudylmajak ussat» atly makala ýazdym. Makalam 2007-nji ýylda «Diýar» žurnalynda çap boldy. Ondan bäri esli ýyl geçdi. Her gezek teleýaýlymda Liza Garaýewanyň surata düşen filmlerinden görkezilýär welin öz-özüm pahyry ýatlaýan. Ol 1938-nji ýylyň 7-nji maýynda Daşoguz welaýatynyň Kalinin (häzirki adyny bilemok) etrabynda doglan. 2007-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda-da dünýeden gaýtdy. Arada onuň kärdeşi Oguljeren Işangulyýewa hakynda makala ýazdym. Şonda onuň ogly Mergen aga: «Ejem Liza daýzam ýogalanda şeýlebir kän aglady. Entek ejemiň şonuň ýaly aglanyny görmedim» diýip ýatlady. #karkara #atawatanymturkmenistan #drdowranorazgylyjow #amerikadayaşam #turkmenistan🇹🇲 #emeliintellekt
5.6k

start an influencer campaign that drives genuine engagement