Amerikada "Green Kart" ÿatyryldymy? Bu barada man̈a köp sorag gelÿàr. Amerikada "Green Kart" bilen bagly ýagdaý barada size gysgaça maglumat bersem, şu günki gün, 2025-nji ýylyň 23-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, "Green Kart" maksatnamasy ýatyrylanok we öňki düzgünler boýunça dowam edýär. Elbetde, geljekde ýagdaýyň nähili boljakdygy barada anyk zat aýtmak mümkin däl, sebäbi bu mesele Amerikanyň syýasy we hukuk kararlaryna baglydyr. Şonuň üçin "Green Kart" ýatyrylar ýa-da üýtgär diýen anyk çaklama etmek dogry bolmaz. Men öň hem belleýşim ýaly, "Green Kart" we beýleki wizalar bilen baglylykda, köplenç fake (ýalan) habarlar ýaýraýar. Şonuň üçin habarlary nireden okaýandygyňyza üns beriň. Habar çeşmeleriňiziň ygtybarlydygyna göz ýetiriň we diňe bir çeşmeden däl-de, iň azyndan üç dürli çeşmeden maglumatlary okamak maslahat berilýär. Mysal üçin, H1B zähmet wizasynyň täzelikleri barada hem öň habar paýlaşdyk. Şonda-da köpleriň arasynda ýalan habarlar ýaýrady. Biz diňe Prezident Trampyn̈ we resmi çeşmeleriň beýanatlaryna esaslanyp habarlary taýýarladyk. Ýöne ertirki gün näme üýtgejekdigini, bu ugurda nähili kararlar kabul ediljekdigini öňünden bilmek mümkin däl. Telefon ýa-da IMO arkaly habarlaşmak isleýänler üçin şu ýatlatmany gaýtalaýaryn: biz diňe habarlary paýlaşýarys, "Green Kart" ýa-da beýleki wizalar bilen baglanyşykly hyzmatlary hödürlemeýäris. IMO hasabymyz arkaly (865 80 24 70) diňe habarlarymyzy yzarlap bilersiňiz. Terjime hyzmatlary üçin bolsa Makul Hyzmat Terjime Merkezimize ýüz tutup bilersiňiz. (
[email protected]) Täzelikler ilkinji nobatda atavatan-turkmenistan com sahypasynda paýlaşylýar. Şol sebäpli sahypamyzy yzygiderli yzarlap durmagyňyzy maslahat berýäris. Şeýle-de, hiç bir adamyň Amerikada, Angliýada ýa-da Kanadada işe ýerleşmek ýa-da wiza almak boýunça garantiýa berip bilmejekdigini unutmaň. Aldawçy adamlardan ägä boluň! Daşary ýurtlarda okamak, gezmek we zähmet çekmek – bu özüňizi ösdürmegiň ýoly bolup biler. Ýöne islegleriňizi başga biriniň aldawyna pidar bermäň we her bir kararyňyzda seresap boluň! Bu posty hem paÿlaşyn̈! Köp adam habarly bolsun!
#turkmenistan #h1blottery #h1bvisa #makulhabarlary #atawatanymturkmenistan #turkmenistan🇹🇲
#lebap🧿mary🧿daşoguz🧿balkan🧿ahal
#drdowranorazgylyjow #turkmenistan #saylananhabarlar #amerikadayaşam
#trump #greencard #grinkart #grinkarta #greencard