Ÿakymly Ÿatlamalar :Garberdi Annaberdiýew, pensioner. Özüniň ýürege ýakyn sazlary, ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen milli aýdym-saz sungatymyzda özboluşly ýol goýan sazandalarymyzyň biri-de Möwlam Täç ogludyr. Ussat sazanda şu dünýä bilen hoşlaşmasynyň öňüsyrasy mejalsyz ýagdaýda özüniň gamgyn günde ýoldaşy bolan dutaryny bagryna basyp: “Hoş dutarym, men senden baky aýrylyşýaryn” diýip syrdaşy bilen allaýarlaşandan soňra, özüniň ýalňyz perzendi ýedi ýaşly ogly Esgere: “Balam, şu senedi saňa tabşyrýaryn, kesbimi dowam etdirgin” diýip gözlerini ýumdy. Bu gürrüňi edilýän adam Möwlam sazandady. Ol Bereket etrabynda Sahy Jepbarowyň şägirtleriniň içinde ýetişen ezber sazandalarynyň biridi. Ol Ata Ablyýew, Ata Esadow, Hojamämmet Täçmämmedow, Şamyrat Gurbannepesow bilen tirkeşen adam, Möwlamyň Täçmämmet Suhangulynyň ansamblynda Moskwada aldyran suratlary, onuň ogly Esgeriň şahsy arhiwinde saklanýar. Ýyllar yzly-yzyna kerwen gurap geçýär. Ol ýyllar Esgere üstünlik getirýär. Ol ökde sazanda bolup ýetişýär. Soltan Atanepesowyň, Aşyrmämmet Dawudowyň, Sarman Hudaýberdiýewiň, Molla Çäkliýewiň, Saryhan Sapaýewiň ýanlarynda saz çalmak bilen, onuň inçe senede bolan ukyby has-da kämilleşýär. Ol ýerli telewideniýede Nurberdi Gulowyň, Wary Aýjanowyň, Aşyrmämmet Dawudowyň we Saryhan Sapaýewiň ýanynda sazandarlyk edýär. Esger kakasynyň halypasy we köne dosty Sahy-däde bilen gatnaşyk edipdir. Bir gezek Sahy bagşy olaryň öýlerine gelende: “Eger Esgerjany öýlendirseňiz, maňa habar ediň, men Möwlamyň hatyrasy üçin, onuň oglunyň toýunda bir gije aýdym aýdyp berjek” diýipdir. Ol beren sözünde hem tapylypdyr. 1958-nji ýylda şol toýda Sahy bagşy öz gyjakçysy Ata Ably bilen bir gije aýdym aýdyp, Bereketlilere hezil beripdir. Soňra bir gezek Sahy Jepbarow gelip gidende: “Esgerjan, oglum, menden saňa ýadygärlik galsyn” diýip, Esgere gyjak çaldyryp, iki sany aýdym aýtdy. Şol aýdymlaryň magnitafon ýazgysy Sahy dädesinden galan iň gymmatly ýadygärlik hökmünde Esgeriň şahsy arhiwinde saklanýar. dolulygyna https://www.atavatan-turkmenistan.com/halypa-sazandanyn-sarpasy/ okap bilersin̈iz
#saylananhabarlar #drdowranorazgylyjow #turkmenistan #atawatanymturkmenistan #lebap🧿mary🧿daşoguz🧿balkan🧿ahal